ТМА hakynda güwänama (TKM)

Taşkent Lukmançylyk Аkademiýasy hakynda güwänama

Taşkent Lukmançylyk Akademiýasy Orta Aziýa uniwersitetiniň Lukmançylyk fakulteti esasynda Taşkent Lukmançylyk instituty görnüşinde 1919-njy ýylda berpa edilip, ýöriteleşdirilen kadrlary taýýarlaýar, ýagny lukmanlar, farmakologlar, gigiýenistler.

90-njy ýyllaryň başynda Taşkent Lukmançylyk institutynyň birnäçe bazasy esasynda 2 sany ýokary Lukmançylyk jaýlary berpa edildi: 1-nji Taşkent Döwlet Lukmançylyk instituty we 2-nji Taşkent Döwlet Lukmançylyk instituty, we 2005-nji ýylda ikisinň birikdirilmegi esasynda Taşkent Lukmançylyk Аkademiýasy emele geldi.

Häzirki wagtda, akademiýada bejeriş işi, lukmançylyk pedagogikasy, lukmançylyk profilaktikasy, lukmançylyk biologiýasy, harby lukmançylyk we ýokary şypagat uýasynyň fakulteti, ugurlarynda 4000-den gowrak talyplar okaýar.

Magistr okuwy 48 ugurdan geçirilýär, 38 ugurdan bolsa klinika ordinaturasynyň üsti bilen ýöriteleşdirilen lukmanlar ýetişdirilýär.

Esasy klinika bazalary Taşkent Lukmançylyk Akademiýasynyň 3 sany köp ugurly uniwersitet klikasynda, hem-de Respublikanyň ýöriteleşdirilen ylym-praktika lukmançylyk merkezlerinde, şäher lukmançylyk merkezlerinde we Özbegistan Respublikasynyň Saglygy goraýyş Ministrliginiň hassahanalarynda (lukmançylyk jaýlarynyň 80-den gowragynda) geçirilýär.

Häzirki wagtda, Taşkent Lukmançylyk Akademiýasy Özbegistan Respublikasynyň öňdebaryjy okuw merkezidir. Reýting boýunça Lukmançylyk ýokary okuw jaýlarynyň arasynda Taşkent Lukmançylyk akademiýasy 6-njy oruna mynasypdyr.

Ýokary derejeli professerlor we mugallymlar, dünýä ülňilerine laýyk gelýän, yzygiderli we ýöriteleşdirilen ugurlar boýunça, daşary ýurtlarda lukmançylyk amalyýetini aşyrýarlar.

Taşkent Lukmançylyk Akademiýasynyň ileri tutulýan meseleler ýygyndysy, lukmançylyk sowatlylygy we ylmy ugrunda halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegidir.

Halkara gatnaşyklar esasynda, Özbegistanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň ýollanmasy bilen daşary ýurt professorlaryny çagyryp, Akademiýada ylmy – iş çäreleri geçirilýär.

Her ýylda, Taşkent Lukmançylyk Akademiýasynyň talyplary has zehinli, döwlet stipendiýasynyň hem-de baýraklarynyň eýeleri, halkara olimpiyanyň ýeňijileri bolýarlar.

Taşkent Lukmançylyk Akademiýasynda ähli taraplaýyn lukmançylyk işinde ökde bolup ýetişmeklerine uly üns berilýär.

Akademiýada döredilen we üpjün edilen:

  • Köpugurly lukmaçylyk gurnaklarynda her bir gatnaşyjy talyplara we geljekgi lukmanlara özleriniň ylym almaklary üçin uly mümkinçilikler döredilýär;
  • Özbegistan Respublikasynyň maglumat merkezi, Merkezi Aziýanyň kitaphanalarynyň esaslaryna daýanylyp döredilendir;
  • Sport toplumlary dünýä ülňilerine laýyk gelýär. Geljekgi lukmanlary taýýarlamak üçin başlangyç ylym ýokary derejede berilýär;
  • Şunuň bilen birlikde talyplaryň özbaşdak öwrenmekleri üçin lukmançylyk muzeýi, tipografiýa, wi-fi zolaklary bilen üpjün edilýär.

Okuwda lukmaçylyk tejribe iş usulyndan peýdalanyp, talyplaryň ylmy iş gözlegleri olaryň netijeleri, uniwersitetlerara ylmy gözleg laboratoriýasy we şunuň bilen birlikde ylmy gözleg merkezi Taşkent Lukmançylyk Akademiýasy tarapyndan döredilip, ajaýyp guramalary sowat bilen ylmyň arasyndaky netijeli integrasiýalar üpjün edilýär.

Taşkent Lukmançylyk akademiýasy – bu döwrebap innowasion ýokary okuw jaýy bolup özünde klassik däp-dessurlaryny üpjün edýän lukmançylyk guramadyr.

Taşkent Lukmnaçylyk Akademiýasyna HOŞ GELDIŇIZ!!!